Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat boýunça bölüminiň mejlisler jaýynda «Döwletara we sebitara hyzmatdaşlyk – beýik ösüşleriň röwşen geljegi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe goňşuçylyk gatnaşyklary täze mana eýe boldy. Bu gatnaşyklar öz çygryny gitdigiçe giňeldýär. Türkmenistan özüniň ýakyn goňşy döwletleri bilen hoşniýetli we dostlukly gatnaşyklary barha ösdürýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparlaryny birleşdirýän umumylyklar kän. Gahryman Arkadagymyzyň Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlary bilen geçiren netijeli gepleşikleri bu saparlaryň iň ähmiýetli tarapy boldy. Köpugurly gepleşiklerde gelnen çözgütleriň döwletlerimiziň şu gününe we geljegine hyzmat edýändigini aýratyn nygtamak gerek. Gahryman Arkadagymyzyň orta atan başlangyçlarydyr teklipleri bolsa hyzmatdaşlygyň aýdyň ýoluny kesgitleýär. Gyrgyz Respublikasy bilen gatnaşyklarymyz babatynda aýdylanda, Milli Liderimiz türkmen döwletiniň adyndan ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň esasy şerti hökmünde çykyş edýändigini aýdýar. Türkmenistan Pars aýlagyndaky we Hazar deňzindäki portlara çykmak arkaly Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ugrunyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly hyzmat etmäge taýýardyr. Gahryman Arkadagymyz türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmakda we onuň netijeliligini artdyrmakda ikitaraplaýyn gepleşikleri dowam etdirmek, şu ýyl döwletleriň ikisinde-de geçiriljek halkara derejeli forumlara işjeň gatnaşyp, olarda möhüm başlangyçlary orta atmak, gaz, himiýa senagatlary boýunça hyzmatdaşlygy has ýokary derejelere çykarmak, bar bolan üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek we täzelerini döretmek, türkmen-özbek serhedinde «Farap — Olot» ulag-logistika merkezini döretmek ýaly teklipleri orta atdy.
Döwletara we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly işleri alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
TSTP