Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

TELEKEÇILIK – BAZAR YKDYSADYÝETINIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde, ýaşlary telekeçilige çekmek, olara telekeçilik işine başlamaklyga goldaw bermek, höweslendirmek we degişli maslahatlary bermek bilen bagly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ýaşlar barada uly alada edilýär. Bu ugurda zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüş şertlerinde ýaşlaryň gujur-gaýratynyň telekeçilik işjeňligine gönükdirilmeginiň ähmiýeti ählumumy ykrar edilýär. Dünýäniň ykdysady taýdan ösýän islendik döwletiniň mysalynda alanyňda, telekeçilik esasy hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň telekeçiliginiň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenilmegi işewürlikde işjeň orny eýelemäge ukyply, erjel, döwrebap pikirlenýän telekeçileriň täze ýaş nesliniň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion häsiýetde ösdürilmegine, ýurduň maýa goýum çekijiliginiň ýokarlanmagyna, täzeçil pikirlenmeleriň, döredijilikli oýlap-tapyşlaryň artmagyna mümkinçilik berýär. 

Munuň özi ýaşlaryň döwrebap taslamalar we döredijilikli başlangyçlar bilen çykyş etmekleri, dünýäniň telekeçilik tejribesiniň oňyn gazananlaryny ýurdumyzda ornaşdyrmaklary, täze maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekleri üçin döredilýän şertleriň aýdyň beýanydyr. 

Ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän işewür telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlara giň ýol açýan we beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! 

TSTP