Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň mejlisler jaýynda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Bedew – türkmeniň uçar ganaty» atly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Baýramçylyk çäresinde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şan-şöhraty dünýä dolan eziz Diýarymyzda her bir günümiz toýdur baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň buýsanjy, uçar ganaty, gardaşy we syrdaşy hasaplanylýan ahalteke bedewleri ata Watanymyzda toýlarymyzyň bezegidir. Türkmen halky öz durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirip bilmändir. Türkmen aga şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi we dürli bäsleşikleriň, at çapyşyklaryň geçirilmegi bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsindäki ornunyň ýokarydygy barada söhbetler edilip, behişdi bedewlerimizi wasp edýän birnäçe aýdymlar belent ýaňlandy.
Türkmen bedewiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw etdiler.
TSTP