Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

TÜRKMEN - ÝAPON GATNAŞYKLARY, DÖWREBAP HYZMATDAŞLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň mejlisler jaýynda «Türkmen - ýapon gatnaşyklary, döwrebap hyzmatdaşlygyň aýdyň ýoly» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk ugrunyň gerimi barha giňeldilýär. Dünýä döwletleri bilen ysnyşykly we netijeli syýasy we ykdysady, şol bir wagtda medeni we parlamentara gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. 

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ynanyşmak we özara bähbitlilik esasynda alnyp barylýar. Geçen ýyllaryň dowamynda ony mundan          beýläk-de ösdürmek üçin berk binýat döredildi. Ýaponiýa biziň üçin öňde baryjy tehnologiýalary, innowasiýalary, ykdysady we ekologiýa strategiýasyny ösdürmekde görelde bolup durýar. Ýaponiýanyň ylymda, senagatda gazanan üstünlikleri, dolandyryş ulgamynda toplan özboluşly tejribesi Türkmenistan üçin örän möhümdir. Biz innowasion senagaty kämilleşdirmäge, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmaga uly üns berýäris. Şeýle hem energetikany diwersifikasiýalaşdyrmaga, milli we halkara ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge aýratyn orun degişlidir. Ýapon işewürleriniň bu ugurlaryň ählisine gatnaşmagy üçin ýurdumyzda amatly şertler döredilendir. Türkmenistanyň ykdysadyýetine uzak möhletli maýa goýumlary goýmak babatda örän gowy mümkinçilikler bar. Munuň üçin biziň birnäçe esasy şertlerimizi, şol sanda: — syýasy durnuklylygymyzy; — durnukly ykdysady ösüşimizi; — baý serişde binýadymyzy; — düzümleýin özgertmelerimizi we innowasion ösüşe döwlet goldawyny; — amatly maýa goýum ýagdaýyny aýtmak bolar diýip belläp geçdiler.

Ýurdumyzyň ösmegi, Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galmagy ugrunda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

TSTP