Şu gün Arkadag şäheriniň Oba hojalyk toplumynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti we Arkadag şäheriniň Oba hojalyk toplumy bilen bilelikde gurnamagynda «Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak» atly medeni çäre geçirildi.
Çäreniň dowamynda çykyş edenler Ekologiýa düşünje we tebigata söýgi ýaş çagalykdan başlap kemala gelýändigini, ösüp gelýän ýaş nesillerde tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýörelgelerinde terbiýe bermek, ýaş nesilleriň arasynda ekologik medeniýetiň derejesini ýokarlandyrmak döwletimiziň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biridir we tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdygyny belläp, ekologik düşünjeleri we bu babatdaky maglumatlary ýakyndan bilmek, akyl ýetirmek, ekologik nukdaýnazardan sowatly çemeleşmegi gazanmak möhüm wezipeleriň hatarynda ileri tutulýandygyny bellediler. Arassa tebigatymyz arkaly sagdyn ýaşaýyş nusgasyny kemala getirýäris. Bu bolsa öz gezeginde, halkyň jan saglygy üçin möhümdir. Şeýle belent wezipäni amala aşyrmakda ýaşlaryň ekologik çärelere gatnaşmagyny üpjün etmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Daşky gurşawy goramak ählumumy mesele bolup, Halkara derejede uly üns-alada bilen gurşalan bu meseläniň iň ygtybarly çözgüdi bolsa, her raýat öz gezeginde daşky gurşawa mähirli garamalydyr, goramalydyr.
Ekologik medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize hoşallyk we alkyş sözlerini aýdyp, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuwlap, Döwletli başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP