Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • “BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ ÝURDY – TÜRKMENISTAN” ATLY MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI.

    Şu gün...

  • «TÜRKMENISTAN- DÖWREBAPLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ DIÝARY»

    2026-njy...

  • “GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY” DIÝIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI.

    2026-njy...

  • “GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN — BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI.

    Şu gün...

  • «GAHRYMAN ARKADAGLY, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARLY ÝURTDA - HALK BÄHBITLI BEÝIK IŞLER ROWAÇLANÝAR» atly maslahaty geçirildi.

    Maslahatda...

SAGDYNLYK WE RUHUBELENTLIK ESASY DURMUŞ GYMMATLYGY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Lebap welaýatynyň enäniň we caganyň saglygyny goraýyş merkezinde, geljekki nesillerimiziň sagdyn, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda mynasyp zähmet çekýän lukman partiýa agzalarymyzyň arasynda «Sagdynlyk we ruhubelentlik esasy durmuş gymmatlygy»  atly düşündüriş ähmiýetli duşuşyk  geçirildi. 

Duşuşykda çykyş edenler Garyman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir» diýen beýik taglymaty, Hor­matly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen baş ýörelgesi bu günki gün hal­kyň ýa­şa­ýyş-durmu­şyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ýurdumyzda gurulyp ulanylmaga berilýän hassahanalar, saglyk öýleri, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, seýilgähleriň ählisi raýatlarymyzyň işlemegi, okamagy medeniýetli dynç almagy üçin niýetlenendir. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu alnyp barylýan işleriň ählisi Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň oňyn netijesidir diýip buýsançly aýtdylar.

Ata Watanymyzy beýik ösüşleriň mekanyna öwrüp, dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleri hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP