Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýaşlarmyzyň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini geçirmek maksady bilen «Sagdynlyk-sport durmuşyň gözelligidir» atly sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn ösmeklerinde, gujurly-gaýratly kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde sportuň ähmiýeti uludyr. Hut şu maksat bilen ynsan saglygy döwletiň iň gymmatly baýlygy hasaplanýan ýurdumyzda milli sport we olimpiýa hereketleriniň jemgyýetimize ykjam ornaşmagyny gazanmakda uly işler alnyp barylýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe we sagaldyş hereketleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, döwrebap sport toplumlarynyň yzygiderli halka hyzmat etmegi netijesinde bu günki gün dürli ýaşdaky we dürli kärdäki raýatlarymyz sporty özlerine hemişelik hemra edindiler. Ýurdumyzda orta mekdeplerinde hem-de döwrebap sport mekdeplerine gatnaýan ýaşlaryň sanynyň gün-günden artmagy ýurdumyzda sagdyn nesliň kemala gelýändiginden habar berýär. Biz hem ýaşlaryň sporta höwesini artdyrmak, olaryň ukyplaryny ýüze çykarmak maksady bilen mekdep okuwçylaryň arasynda dürli sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegine giň ähmiýet berýäris. Golaýda Paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen 90-njy orta mekdebiniň sport meýdançasynda guralan sport çärelerimiz hem ýaşlaryň sagdyn ruhy taýdan päk mekdep okuwçylarynyň, wagtlaryny peýdaly işlere sarp etmeklerini gazanmaga gönükdirildi. Okuwçylaryň arasynda sport ussatlaryny, höwesjeňleri bir ýere jemlän bu spordyň dürli ugurlary boýunça: futbol, basketbol, gysga aralykda ylgamak hem-de küşt we tennis boýunça ýaryşlar guraldy. Şahsy we toparlaýyn geçirilen ýaryşlarda ýaşlar öz başarnyklaryny görkezdiler. Mekdebiň ýaşlaryny şeýle sagdynlyk ruhunda terbiýelemek, sagdyn jemgyýeti berkarar etmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
TSTP