Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY, SYÝASY WE MEDENI ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKALAR
    Şu gün...
  • ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY BILEN BEÝIK GELJEGE BARÝARYS
    Şu gün...

ZENANLAR ZEMINIŇ ZYNATY

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. 

Geçen baýramçylyk dabarasy has-da täsirli boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralan dabara hususy ulgamda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdy.

Baýramçylyk dabarasynda mähirli gutlaglar aýdylyp, zenan mertebesini belentde goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň estrada toparynyň joşgunly aýdym-sazlary dabaranyň şowhunyny belende göterdi. Belent ruha beslenen çykyşlarda eziz Diýarymyzyň mährem zenanlaryna, päk söýginiň waspy öz beýanyny tapdy. 

Baýramçylyk dabarasy zenanlarymyzyň on barmagyndan sünnälenilip çykan el işleriniň sergisi bilen utgaşyp gitdi.

TSTP