Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • «GAHRYMAN ARKADAGLY, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARLY ÝURTDA - HALK BÄHBITLI BEÝIK IŞLER ROWAÇLANÝAR» atly maslahaty geçirildi.

    Maslahatda...

  • WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    Şu gün...

  • “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY ― PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” atly kitabynyň tanyşdyrylyş, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     ...

  • “TÜRKMENISTAN-TARYHY ÖSÜŞLERIŇ BEÝIK BINÝADY” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

    Berkarar...

  • «KÖŇÜLLERDE TÄZE ÝYLYŇ JOŞGUNY»

    Ösüşiň täze...

ÝURDUMYZYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY DÖWREBAPLAŞDYRYLÝAR

Şu gün «Sahabatly» hojalyk jemgyýetinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda telekeçilik işini alyp barmak bilen bagly kanunçylyk namalaryny düşündirmek maksady bilen düşündiriş ähmiýetli duşuşyk geçirildi.

Telekeçilik ulgamynyň kanunçylyk binýady barada gürrüň edilende, ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy, döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi, goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigi barada esas goýujy hukuk kadasynyň berkidilendigini aýratyn bellemek ýerlikli bolar. Telekeçilige goldaw bermek babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyjy esasynda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem wajyp ähmiýete eýedigini nygtasak ýerlikli bolar.

Ýurdumyzda telekeçiligiň ösmeginiň möhüm şertleriniň biri-de, bu işiň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegidir. Hut şu jähetden hem bu ugurda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi pudagyň ösmegi üçin oňaýly şertleri döredýär. Muňa mysal edip, «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» hukuk namalaryny görkezmek bolar. Bazar gatnaşyklary şertlerinde hereket edýän hukuk resminamalary raýatlaryň ukyp-başarnygynyň açylmagy, işjeňliginiň ýokarlanmagy, ahyrky netijede ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagy üçin kämil binýady emele getirýär.

Ýurdumyzda telekeçiligi yzygiderli ösdürmekde, onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň jany sag, ömürleri  uzak, belent başlary aman bolsun! 

TSTP