Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

TÜRKMEN BITARAPLYGY - HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi.

Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda şanly senedir. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanan bu hukuk derejesi Watanymyzyň diňe bir milli bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän eýsem parahatçylyk döredijiligiň, sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän türkmenistan ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlar, şol sanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenip, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän 2025-nji ýyl Watanymyzyň şöhratly taryhyna ajaýyp sahypa bolup ýazylar. 

Ynsanperwerlik, parahatçylyk, dost-doganlyk ýaly ýörelgelerini döwlet syýasatynyň naýbaşy orunda goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP