Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda ýaş nesilleri telekeçilige bolan höweslerini has-da artdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň tanymal telekeçileri bilen ýaşlaryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Esasan hem biziň ýurdumyzda öňde goýlan maksatlara ýetmek, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmak bilen bagly işlerde ýaşlar işjeňlik görkezýärler. Ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryna, olaryň päk zähmetine, netijeli tekliplerine, garaýyşlaryna häzirki döwürde uly ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň gyzyklanmalarynyň, ukyp-başarnyklarynyň durmuşa geçirilmeginde ähli mümkinçilikleri kanun esasynda kepillendirýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, alnyp barylýan işleriň netijeleriniň üns merkezinde saklanmagy biziň döwletimizde ýaşlara bolan söýgi-buýsanjyň, egsilmez aladalaryň aýdyň güwäsi bolup durýar. Sebäbi ýaşlar ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik işlerine, demokratiýanyň dabaralanmagyna, ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynyň ösmegine mynasyp goşant goşýarlar, dünýäniň ösen tejribelerini öwrenip, täze pikirlenmeleri öňe sürüp, olary durmuşymyza ornaşdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Olaryň bu babatdaky ähli başlangyçlary, oýlap tapyşlary, zähmet mümkinçilikleri bolsa «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň esasy ugurlarynda, ýörelgelerinde, wezipelerinde hem-de maksatlarynda öz beýanyny tapýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň rejelenen görnüşi, bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edildi. Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň gatnaşyjylary hökmünde kesgitlenen ýaşlaryň hatarynda telekeçi ýaşlar hem mynasyp orun alýar.
Telekeçiligi goldap, barha ösdürýän, söwda işini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
TSTP