Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

EDEP-TERBIÝE

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Bereket etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda ýokary synp okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň aňynda watansöýüjilik ýaly ýokary ahlak häsiýetleri terbiýelemek hem-de ýaşlaryň Watana wepaly, edepli, ruhubelent we sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri üçin edýän aladalaryndan ugur alyp, raýatlaryň, orta mekdepleriniň okuwçylarynyň daşary ýurtlara okamaga we işlemäge gidýän raýatlarymyzyň arasynda geçirilmeli terbiýeçilik işleri dogrusynda hem-de ýurdumyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň abadan hem rahat, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, watansöýüji, maksada okgunly, sagdyn berk bedenli, giň gözýetimli ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün etmek, olary durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak zerur bolup durýar, ýaşlara zyýanly endiklerden, daşda durmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekligi maslahat berilip. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýtdylar. 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP