Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Bitaraplyk syýasaty we onuň dünýä nusgalyk ýoly» atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.
Ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyzlyk eýýamynyň gelmegi halkymyzyň başyny göge ýetirdi, Bitaraplyk bolsa köňül arzuwyny gülletdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ylalaşygyň, parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistan döwletimiz beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny saklaýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň parasatly içeri syýasatynyň dowamy bolan öňdengörüjilikli daşary syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistan döwletimiziň BMG we onuň düzüm birlikleri, beýleki halkara guramalary hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen barha işjeň häsiýete eýe bolýan köptaraplaýyn gatnaşyklary ýokarda ýatlanymyza şaýatlyk edýär. Ol jemgyýetde milli agzybirligiň, asudalygyň hem-de jebisligiň ýokarlanmagynda bahasyna ýetip bolmajak häzirki döwrümiziň hakykatydyr. Şeýle hakykat Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallasy bilen, täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygyň, dost-doganlygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň daýanjy hökmünde öňe çykýar.
Bu bolsa türkmen halkynyň parahatçylykda ýaşap, döredijilikli zähmet çekmeginiň kepilidir. Parahat durmuşymyzy toýlara besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, halkymyzy bagtyýarlyga ýetiren başlangyçlaryň başyny başlan Gahryman Arkadagymyzyň, janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP