Şu gün Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ösüşlere beslenen täze döwrüň buýsançly zenanlary» atly dabaraly maslahaty geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara şanly wakalara beslenýär. Watanymyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar günine Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabaralar giň gerime eýe bolýar. Arkadagly Serdarymyzyň zenanlar günine pul sowgadynyň bermegini hem-de köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekmegi, şeýle hem köp çagaly maşgalalara täze öýleriň berilmegi bu günki gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar günine ýurdumyzyň zenanlaryna ýatdan çykmajak sowgat bolýar. Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, baý milli mirasymyzy aýawly gorap saklamakda we geljekki nesillerimize ýetirmekde zenanlaryň hyzmaty bolup, zenanlar dessanlaryň, rowaýatlaryň, gahrymançylykly eposlaryň we söýgi baradaky gazallaryň, kalplarda orun alan halk aýdymlarynyň gahrymanlarydyr. Ata-babalarymyz zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däplerini müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetiripdir.Şahyryň sözleri bilen aýdylanda «Ene-dünýäniň görki we durkydyr» diýip belleýär. Zenanlara şeýle uly hormat goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize hoşallyk we alkyş sözlerini aýdyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyza we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuwlap, alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
TSTP