Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HUSUSY PUDAGYŇ YKDYSADY KUWWATY BARADA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

    Şu gün...

  • ÖNDÜRIJILIKLI ZÄHMET – BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

    Şu gün ...

  • BERKARAR DÖWLETIŇ ÖSÜŞI – HALKYŇ BAGTYÝARLYGY WE ROWAÇLYGYDY

    Şu gün...

  • AZYK BOLÇULYGYNY BERKITMEKDE HUSUSY PUDAGYŇ GOŞANDY

    Türkmenistanyň...

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika instituty taslamalaryň tanyşdyryş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda birnäçe täze tehnologiýa we innowasiýa başarnykly taslamalarynyň üstünliklerini paýlaşyldy. Bu taslamalar ulgamyň çylşyrymlylygyny ýönekeýleşdirmäge we tehnologiýalaryň ösüşini ösdürmäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň dowamynda taslamalar barada giňişleýin beýan edildi. Önümçilik prosesi awtomatlaşdyrmak, Tehniki howpsyzlyk žurnalyny awtomatlaşdyrmak, Türkmen dilinde emeli aň bolan çatbot döretmek, Howplary hasaplamak we analiz etmek üçin «Threat hasaplaýjy» taslamasyny, Internet söwdasy üçin Marketplace platformasyny we ERDU taslamasyny tanyşdyrdy. Bu taslamalar tehnologiýalaryň ösüşini we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, bilim we işewürlik ulgamyny täze döwürde ösdürmäge gönükdirilendir.

Maslahata Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Bu taslamalar häzirki zaman tehnologiýalaryny üstünlikli ulanyp, bilim ulgamyny ösdürmäge, howpsuzlygy ýokarlandyrmaga we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda innowasiýa çözgütlerini hödürlemäge gönükdirilendir.

Bu duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagyma, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP