Ýakynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti we Arkadag şäheriniň bilim müdirligi bilen bilelikde «2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde alyp barýan syýasatyna öz mynasyp goşandyny goşmak maksady bilen Takyk ugurly dersleriň hepdeligine bagyşlanyp «Zehin» bäsleşiginde söhbetdeşlik geçirildi we bäsleşigiň ýeňiji mugallymlaryna hormat hat bilen sylaglanyp we okuwçylaryna sowgatlar gowşuryldy.
«Zehin» bäsleşiginiň dowamynda çykyş eden halypa mugallymlar ýaşlaryň biziň geljegimiz bolup, olaryň döwrebap bilim almagy, milli häsiýetde terbiýelenmegi esasy ugurlaryň biridir. Hut milli terbiýeden hem olaryň giň dünýägaraýşy, watansöýüjiligi kemala gelýär. Türkmen maşgalasynda perzendiň il aladasyny edýän ogul bolup kemala gelmegi, jemgyýetiň ileri tutýan ýörelgesi bolup, munuň hem asylky manysynda Watan üçin edilen yhlas we söýgi bardyr” diýip beýan edilýär.Watansöýüji ýaşlary kemala getirmek hem milli terbiýämiziň düýp beýanydyr. «Zehin» bäsleşiginiň dowamynda bäsleşen okuwçylar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesillere bilimiň ähli ugurlarynda alan bilimlerini kämilleşdirmek üçin döredilen mümkinçiliklerinden peýdalanyp öz başarnyklaryny açyp görkezmek üçin döredip beren mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdyp Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyplyklary kalplara ylham, joşgun berýär diýip bellediler.
«Zehin» bäsleşiginiň dowamynda çykyş edenler Şeýle ajaýyp bäsleşikleri geçirmäne ähli şertleri döredip berenligi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk we alkyş sözlerini aýdyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyza we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuwlap, alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
TSTP