Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplyk – ählumumy abadançylygyň we ösüşleriň beýany» atly maslahaty geçirildi.
Pähimdar pederlerimiziň il-günüň asuda, parahat ýaşamagy ugrunda irginsiz alada edip, dünýäniň ýakyn-alys ýurtlary bilen parahatsöýüjilik, dostlukly gatnaşyklary ösdürendiklerini ençeme taryhy maglumatlar beýan edýär. Bu günki günde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanýan döwletimiziň agzybirligiň, parahatçylygyň nusgasyny dünýä ýaýyp gelmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ýörelgeleriň giňden dabaralanýandygyny we uly meşhurlyga eýe bolýandygyny görkezýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny toýlarys. Munuň özi dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, hoşniýetliligiň dabaralanmasydyr. Hemişelik Bitaraplyk — halkymyzyň ruhy dünýäsine, ahlak gymmatlyklaryna ornaşan taglymat.
Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly beýik taglymaty dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyz hoşniýetli parahatçylyk söýüjilikli ýoly bilen dünýäde belent mertebä eýe bolýar, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny ýöredýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan döwleti Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, dünýäniň döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen ýer ýüzünde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
TSTP