Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komiteti tarapyndan Bereket etrabynyň Çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistan-asudalygyň, parahatçylygyň mekany» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly belent maksatlary nazarlap dost-doganlyk gatnaşyklaryny äleme buşlap, döwletli Diýarymyzyň, arzyly ýyly bolup kalbymyza nur çaýýar.
Asuda, parahat ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň maksatly tutumlary rowaçlygyň kepili bolup göwünleri ylham atyna atarýar. Beýik maksatly menziller ömrümiziň nury. Ýyllar ýyllardan zyýada gelip, taryhyň gaty beýik ýeňişlerden, üstünliklerden üstünliklere ýetýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz: «Biziň ählimiziň iň esasy maksadymyz jandan eziz görýän Watanymyzy beýik gelejege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, maksatdan watanymyzy beýgeldýän beýik başlangyçlary wagyz etmek, halkymyzy bu işlere ruhlandyrmak borjumyzdyr» diýmek bilen bitirilen beýik işlere her bir raýatyň mynasyp goşandyny goşmagyň zerurdygyny nygtaýar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň ösüşinde öňdebaryjy tehnologiýalar, sanly ulgamlar giňden ornaşdyryldy, amatly işewürlik gurşawy döredilip, döwlete dahylsyz bölege ösdürmeklige esaslanmak ýörelgesi uly üstünlige beslendi.
«Ýurdumyzyň ösüş ýoluny şan – şöhrata beslemek biziň el ele berip, birek -birege düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip gazanmak ýeňişlerimize baglydyr» diýmek bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halal zähmet çekip döwletimiziň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, birek-birege hormat goýmakda milli ýörelgelerimize esaslanmak baradaky parasatly pähimleri ähli raýatlar üçin mukaddes borçdur. Durnukly ösüşiň oňyn görkezijileri, ýurdumyzyň durmuş ykdysady taýdan ösdürilmegi parahatlyga we ynanyşmaga esaslanýar. Ynanyň bar ýerinde bagtly menziller açylýar, ýurdumyzyň ösüşine esaslanýan binýat gurulýar.
Goý, halkymyzy bagtyýar günleriň gujagynda ýaşadýan, döwletli gatnaşyklary has-da, ösdürýän, rowaç menzillere ýetmekde halkymyzyň arzuw islegine amala aşyrýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik tutumly işleri uly ösüşlere beslesin!
TSTP