Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda Hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny we uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Ata Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu raýatlaryň watançylyk duýgusynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär hem-de her bir adamyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan ägirt uly işlere goşant goşmak hyjuwyny artdyrýar. Güneşli Diýarymyzda uly ruhubelentlik bilen garşylanan täze ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýyny, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryny we syýasy, ykdysady hem-de medeni hyzmatdaşlygyny aýdyň alamatlandyryp, täze üstünliklere, has uly öňegidişliklere ýol açdy.
Mälim bolşy ýaly, täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasaty barha giň gerime eýe bolýar. Dünýä döwletleri bilen parahatçylyga, halklaryň abadançylygyna we ählumumy ösüşe ýardam edýän oňyn we netijeli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Bitarap Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp düzmekde işjeň orny eýelemek bilen, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirýär. Bu işler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan öňdengörüjilikli strategiýanyň netijelidiginiň aýdyň güwäsidir.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP