Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI-NESIL TERBIÝESINIŇ EGSILMEZ HAZYNASY

Golaýda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň  gurnamagynda «Gahryman Arkadagymyzyň eserleri-nesil terbiýesiniň egsilmez hazynasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Wagyz-nesihat duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýaşlaryň biziň geljegimiz bolup, olaryň döwrebap bilim almagy, milli häsiýetde terbiýelenmegi esasy ugurlaryň biridir. Hut milli terbiýeden hem olaryň giň dünýägaraýşy, watansöýüjiligi kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Hawa, perzendiň terbiýesiniň esasy mazmuny Watan mukaddesliginde jemlenilýär. Türkmen maşgalasynda perzendiň il aladasyny edýän ogul bolup kemala gelmeg, jemgyýetiň ileri tutýan ýörelgesi bolup, munuň hem asylky manysynda Watan üçin edilen yhlas we söýgi bardyr» diýip beýan edilýär. Milli terbiýe hakynda nusgawy edebiýatda hem öwran-öwran ýüzlenilýär.Watansöýüji ýaşlary kemala getirmek hem milli terbiýämiziň düýp beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde peýdalanyp ýaşlary terbiýelemek biziň her birimiziň baş maksadymyzdyr, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyplyklary kalplara ylham, joşgun berýär diýip bellediler.

Wagyz-nesihat duşuşygyň dowamynda çykyş edenler şeýle ajaýyp eserlerini sowgat edenligi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk we alkyş sözlerini aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň köp, galamynyň has-da ýiti bolmagyny arzuw edip, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyza we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuwlap, alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

TSTP