Golaýda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň guramagynda «2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň ähmiýetini agzalarymyza giňişleýin ýetirmek maksady bilen «Hemişelik Bitaraplyk – parahatlyk we dost-doganlyk ýörelgesi» atly syýasy-düşündiriş çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edilip Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däplerini ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda we bütin dünýämizde giň gerimli işler alyp barylýar. Watanymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi barha belende galdyryp, goňşy we dünýä döwletleri bilen hoşniýetli we dostlukly gatnaşyklar giň gerimde ösdürilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyplyklary kalplara ylham, joşgun berýär diýip bellediler.
Çärede çykyş edenler ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyza we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuwlap, alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
TSTP