Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

AJAÝYP ESERIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik şahyryň milli hem dünýä derejelerinde eýeleýän orny barada giňişleýin beýan edýän «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň durmuşyna, döredijiligine we ony hatyralap geçirilen dabaralara bagyşlanan köpsanly gymmatly maglumatlar getirilip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitapda ussat şahyrymyzyň adamzadyň ömür menzillerini teswirleýän çuň manyly sözleri, syrly setirleri barada gymmatly pikirlerini beýan edýär. Şeýle-de Hormatly Prezidentimiz Magtymgulynyň baý döredijiligi hakynda özüniň ylmy garaýyşlaryny öňe sürýär.Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda täze kitabyň mazmuny baradaky çykyşlaryň bu eserden bölekleriň mysal getirilmegi arkaly beýan edilmegi has-da täsirli boldy.

Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş Dabarasynda çykyş edenler iliki bilen, şeýle ajaýyp kitaby sowgat edendigi üçin Hormatly Prezidentimize hoşallyk we alkyş sözlerini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň köp, galamynyň has-da ýiti bolmagyny arzuw edip, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyza we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuwlap, alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

TSTP