Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň guramagynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk söhbetdeşligi geçirildi.
Baýramçylyk söhbetdeşliginde çykyş edenler Watan goragy türkmen halkynda iň ýokary mukaddeslik bolmak bilen, ony goramak her bir türkmeniň mukaddes borjy, perzentlik parzy hasaplanýandygyny, bu ýol-ýörelge asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, atalarymyzyň yhlasy bilen biziň şu günlerimize çenli gelip ýeten mukaddeslikdir. Türkmen halkynyň tarypa mynasyp şöhratly taryhynyň ähli döwürlerinde hem Watany goran gerçekleriň, gaýduwsyz pederlerimiziň aýratyn orunlary bolupdyr. Bu günki Berkarar täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň nusgalyk ýörelgeleri dowam etdirilip, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň goragynda sak duran edermen Watan goragçylarynyň hormat-sarpasy belentde tutulýar. Ýurdumyzyň asudalygynyň, döwlet berkararlygynyň goragynda duran merdana Watan goragçylarynyň güni bilen Hormatly Belent Serkerdebaşymyzy we ähli harby gullukçylary tüýs ýürekden gutladylar.
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirlen aýdym-sazly baýramçylyk söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuwlap, alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
TSTP