Golaýda Balkan welaýatynyň Bereket etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmaty syýasy tejribesi sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.
Berkarar ýurdumyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny uludan toýlar. Şanly senäniň hormatyna geçiriljek dürli derejeli çäreler bolsa halkara gatnaşyklarda döwletimize uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de ýubileý ýylynyň belent tutumlary ýurdumyzyň örän möhüm syýasy, ykdysady we ekologik başlangyçlary öňe sürýän, uzak möhletleýin ösüş maksatlary bolan kuwwatly döwlet hökmündäki abraý-mertebesini täze belentliklere göterer.
Hemişelik Bitarap Watanymyzy parahatçylyk dörediji döwlete, dost-doganlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun!
TSTP