Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda hususy ulgamyň wekilleriniň şeýle-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Aşgabat şäher partiýa komitetiniň gurnamagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat duşuşygy geçirildi.
Geçen ýylyň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ruhy baýlygyny artdyrmak, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda köp sanly çäreler, dabaralardyr forumlaryň geçiriljekdigini, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň has uludan toýlanjakdygyny agzamak örän ýakymlydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň 3-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek boýunça degişli Permana gol çekmegi ählimizde şatlyk duýgusyny döretdi.
Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşmak tükeniksiz bagt. Şeýle bagtdan paýly bolan telekeçiler hem bu gün belent watançylyk ruhy bilen yhlasly işleýärler, döredýärler. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daşyna has-da mäkäm jebisleşip, şu şanly ýylyň täze üstünlikleriň we belent sepgitleriň ýylyna öwrülmegi üçin her birimiz tutanýerli zähmet çekeris.
Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!
TSTP