Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň neşir edilendigini habar berdi. Şu mynasybetli, döwlet Baştutanymyz Milli Liderimize Gutlag iberdi. Gutlagda bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýolunyň, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleriniň taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilendigi bellenilýär.
Şunuň bilen baglylykda, tanyşdyrylyş dabarasynda Milli Liderimiziň ylmy-filosofik işleriniň we çeper eserleriniň ýaş nesiller, aýratyn hem, geljekki ýaş neslimiz üçin gymmatly hazynadygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly täze eseri parahatçylyk söýüjilige ýugrulan şöhratly taryhymyzy, milli diplomatiýamyzyň köklerini öwrenmekde gymmatly çeşmä öwrüler.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «Hakyda göwheri» atly kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutlap, asylly döredijilik işi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
TSTP