Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ TÄZE NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Düýn Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseriniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. 

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden mähirli gutlap, döwet galamynyň geljekde-de ýiti bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle hem tanyşdyrylyş dabarasyndaky täsirli çykyşlar oňa gatnaşyjylaryň watançylyk duýgusyny artdyryp, mukaddes Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere her bir türkmenistanlynyň mynasyp zähmet çekip, şahsy goşandyny goşmalydygy baradaky çagyryşlar bilen utgaşdy. Bellenilişi ýaly, bu eseriň Halkara Bitaraplyk gününiň we Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öňýanynda halkymyza ýetirilmeginiň uly manysy bar.

Ata-babalarymyzyň şöhratly durmuş ýoluny, asyrlaryň gatlarynda galan edermenliklerini, aň-bilim babatda dünýäniň ösüşine goşant goşan merdana pederlerimiz hakynda wagyz etmek olary ruhy taýdan mertebelemekdir. Hormatly Arkadagymyz täze kitabynda hem şöhratly taryhymyzyň menzilleri, maddy we ruhy medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy hakynda örän täsirli beýan edýär. Bu kitabyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hakymyza gowuşmagy Akyldar şahyryň arzuwlan zamanasynyň şöhratly menzillerine bolan buýsançnama bolup ýüreklerde orun aldy.

Türkmen we iňlis dillerinde çap edilen «Hakyda göwheri» atly kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki berkarar döwletimiziň eşretli zamanasyna buýsanjynyňda beýany bolup durýar.

Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli dünýä ähmiýetli işleri mundan beýläkde-de ösüşlere eýe bolsun!

TSTP