Golaýda paýtagtymyzda ýerleşýän «Gül Zaman» toý mekanynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda «Parahat ýurduma geldiň täze ýyl» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Toý-baýramlaryň hemmesi-de gowy, ýöne şolaryň arasynda Täze ýyl baýramy Ýer ýüzüniň ynsanlarynyň iň eý görýän baýramy bolsa gerek. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretiň hözirini görüp ýaşaýan ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary-da bereketli türkmen topragyna her ýyl mübärek gadamyny goýýan Täze ýyly ýagşy arzuwlar, gowy dilegler, mähir bilen garşy alyp, mukaddes öýüniň ojagynyň hem-de kalbynyň töründen orun berýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Bagtyýar talyplary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşlerini, ata Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy, Täze ýyly wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazlary, joşgunly tanslary, folklor çykyşlary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyryp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.
Bagtyýar türkmen halkyny ösüşleriň täze belentliklerine, nurana ertirlere ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, agzybir, bagtyýar türkmen halkymyzy Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Goý, Täze ýyl her bir türkmen maşgalasyna, her bir türkmen ojagyna rysgal-bereket, bagt, döwlet getirsin!
TSTP