Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

TÄZE ÝYLA TÄZE GADAMLAR BILEN

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda, «Lebap» toý mekanynda ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Täze ýyla täze gadamlar bilen!» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Şatlyk-şowhuna beslenen bu baýramçylyk çäresinde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz we tans toparlarynyň parahat Watanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdym-sazlary, tanslary bilen çykyş etdiler.           

         Baýramçylyk çäresine gatnaşanlar toýdyr-baýramlara beslenýän ýurdumyzda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar hem-de janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP