Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • «GAHRYMAN ARKADAGLY, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARLY ÝURTDA - HALK BÄHBITLI BEÝIK IŞLER ROWAÇLANÝAR» atly maslahaty geçirildi.

    Maslahatda...

  • WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    Şu gün...

  • “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY ― PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” atly kitabynyň tanyşdyrylyş, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     ...

  • “TÜRKMENISTAN-TARYHY ÖSÜŞLERIŇ BEÝIK BINÝADY” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

    Berkarar...

  • «KÖŇÜLLERDE TÄZE ÝYLYŇ JOŞGUNY»

    Ösüşiň täze...

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ AJAP EÝÝAMY - ÝAŞ TELEKEÇILERIŇ KÖŇÜL YLHAMY

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajap eýýamy - ýaş telekeçileriň köňül ylhamy» atly maslahat duşuşygy geçirildi. 

Geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) kabul edilmegi döwrümiziň iň möhüm ädimleriniň biridir.

Ýaşlar eziz Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda netijeli zähmet çekýärler. Telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlara goldaw bermek hem-de olary bu işe höweslendirmek ugrunda ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän uly möçberli düzümleýin taslamalar, talyp ýaşlardyr ýaş hünärmenler üçin özboluşly synag merkezi, kämilligiň binýady bolup durýar.

         Duşuşykda çykyş edenleriň her biri biziň şeýle eşretli, ynsanperwerlik, ýörelgelerden gözbaş alýan milli mirasymyzy içgin öwrenmegi, olary halkara ylmy jemgyýetçilige ýetirmegi döwlet syýasatynda naýbaşy orunda goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler!

TSTP