Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwlet ähmiýetli işlerini dowam etdirýän Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş neslimizi giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek baradaky yzygiderli berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de ýaşlarda kitaba bolan sarpany, okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda uludan bellenip geçiljek «Halkara Bitaraplyk» güni mynasybetli bäsleşik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, sermaýasydyr, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir. Kitapsyz öý ýüreksiz beden ýalydyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär. Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýär» diýen pähimli parasatyndan ugur alyp, ýaşlaryň kitap okamaga höweslerini artdyrmak maksady bilen kitap okamak bäsleşigi Atageldi Italmazowyň terjime eden «Şu kitaby okap görüň Mugallym!» atly mugallymlar we bagtyýar talyplar üçin gollanma kitabyndan bäsleşik yglan edildi. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, ilkinji nobatda, Watanymyzyň ykbaly, ylym-bilimiň çalt depginde ösýän, adam paýhasynyň ýokary sepgitleri gazanýan döwründe ýaşaýan we zähmet çekýän häzirki hem-de geljek nesilleriň bagtyýar durmuşy üçin ýokary jogapkärçilik duýgusyna ýugrulandyr.
Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin sagbolsunlaryny aýtdylar.
TSTP