Ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän, Halkara Bitaraplyk güni Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde gurnamagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler jaýynda «Türkmen Bitaraplygy sebitde we dünýäde parahatçylygyň kepilidir, ylmy-innowasion ösüşiň özenidir» atly aýdym-sazly medeni çäre hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň ylmy-taslama işleriniň sergisi geçirildi. Bu dabaraly çärä institutyň hünärmenleri, professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşyp, baýramçylyk mynasybetli taýýarlanan sergä syn etdiler.
Dabaranyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ylym-bilim syýasatynyň durmuşa ornaşdyrylmagyna, ylym, bilim, önümçilik arabaglanyşygyň hem-de binagärlik sungatynyň kämilleşdirilmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde aýratyn tapawutlanan professor-mugallymlara we talyp ýaşlara baýramçylyk mynasybetli Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
TSTP