Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

Golaýda  Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistan parahatçylyk söýüjiligiň we dost-doganlygyň mekany» atly aýdym-sazly dabaraly maslahaty geçirildi.

Maslahatda berkarar Watanymyzda Halkara sebitde hem-de dünýäde, ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda, parahatçylyk medeniýetiniň möhüm şerti hökmünde döwletimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany bolan bu dabara döwlet hem-de halkara derejede aýratyn ähmiýete eýedir. Watanymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Garaşsyz döwletimiz ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi gazanmak ugrunda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýan öňdengörüjilikli, maksada okgunly daşary syýasaty alyp barýar. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa ýurtlaryňdyr halklaryň ýakynlaşmagynyň esasy şerti bolup çykyş edýän ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin amatly ýagdaýy döredýändigini. giňişleýin belläp geçdiler.

Türkmen Bitaraplygy parahatçylygy ösdürmegiň döredijilik binýady hökmünde yzygiderli pugtalandyrýar. Bu hakykat Milli Liderimiziň, Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde eden çuňňur manyly çykyşlarynda hem aýdyň beýanyny tapdy.

Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Bitaraplyk baýramy bilen gutlap ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP