Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda  Hormatly Prezidentimiziň  beren tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerlerde halkymyz bilen geljek ýylyň şygary maslahatlaşmak maksady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigi hem-de geljek ýylda ýurtda we dünýä döwletlerinde köp sanly halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bilen baglylykda, deputatlaryň halk bilen maslahatlaşyp, geljek ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça çäreleri geçirmegiň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary, wekilleri çykyş etdiler.

Maslahatda geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýändigi, bu şanly senäniň 2025-nji ýyly has-da dabaralandyrjakdygy belläp geçildi. 2025-nji ýylyň şygarynyň we nyşanynyň ýurduň ynsanperwer döwlet syýasatynyň, depginli ösüşleriniň, halkyň bagtyýar durmuşynyň özboluşly beýanyna öwrülmelidigine üns çekildi. Bu ugurda halkyň, ýaşlaryň, türkmen telekeçileriniň arzuw-isleglerini nazarda tutmak bilen degişli işleri geçirmek barada öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere, üstünliklerden-üstünliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

TSTP