Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞTUTANLYGYNDA TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK, HOŞNIÝETLI WE DÖREDIJILIK TAGLYMATLARYNY ILERLEDÝÄR

Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň guramagynda «Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli we döredijilik taglymatlaryny ilerledýär» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň abadan ýaşaýşyna gönükdirilýän bagtyýar durmuşy ugrunda edilýän tagallalar, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli we döredijilik taglymatlaryny ilerledýär atly geçirilen maslahatyň dowamynda çykyş edenler parahatçylyk, söýüjilik, hoşniýetli we döredijilik taglymatlary baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülenligi  giňişleýin belläp geçdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  hakymyzyň abadan ýaşaýşyna gönükdirýän beýik işleri rowaçlyklara beslenmegini we ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP