Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Türkmenistanyň Halk Maslahaty-halkymyzyň jebisliginiň synmaz güýjidir

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komiteti tarapyndan Bereket etrabynyň Çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty-halkymyzyň jebisliginiň synmaz güýjidir» atly maslahat geçirildi.

Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem-de maksatnamalaryň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Bular boýunça öňde duran möhüm meseleleri maslahatlaşyp, olary üstünlikli çözmekde, wezipeleri anyk kesgitlemekde Halk Maslahatynyň aýratyn uly ähmiýeti bar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ol adamlary beýik maksatlaryň daşynda birleşdirmekde, öňe alyp gitmekde uly güýç bolup çykyş edýär.

Il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmekde, milli demokratik däplere eýermek we jemgyýetçilik pikirini nazara almak halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir.

Türkmenistan bu günki gün bütin dünýäde çalt depginde ösýän, hemmetaraplaýyn üpjün kuwwatly döwlet hasaplanýar. Biziň döwletimiziň esasy baýlygy, güýç-kuwwaty halkymyzyň agzybirligidir zähmetsöýerligidir, berkarar döwletine, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza beýik ynamydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa döwlet bilen halkyň arasyndaky jebisligi pugtalandyrýan mizemez köprüdir.

Goý, bu umyt-arzuwlar milletimizi ýeňişli menzillere ýetirsin! Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýäris.

TSTP