Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda «Halk Maslahaty ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmekde möhüm ädimdir» atly maslahat geçirildi.
2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli döwletlilik binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny bellemek gerek.
Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri halkymyzyň bagtyýarlygy, halklaryň dost-doganlykly gatnaşyklary, dünýäniň parahatçylygy bilen pugta baglanyşyklydyr. Bularyň hemmesi sözüň doly manysynda örän uly many-mazmuna eýedir. Muny biz dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýan her bir beýik başlangyçlarda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň beýik işleri — ösüşiň we parahatçylygyň taglymaty dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan ýurdumyzyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi has-da belentde tutulýar. Munuň özi biziň her birimiziň kalbymyzda belent buýsanç döredýär, ýüreklerimizi joşdurýar.
Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, dünýäde parahatçylygy we ösüşi pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
TSTP