Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň möçberli özgertmeleri ösüşlere beslenýär» atly maslahaty geçirildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän işler halkyň bähbidine we ýurdumyzyň mundan buýana hem ösdürilmegine gönükdirilendir. Şunda gurlup ulanmaga berilýän desgalar, ýollar, senagat önümleriniň hem artdyrylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu ugurlaryň her biri babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Olar milli ykdysadyýetimiziň ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Eziz Diýarymyzyň ösüşlere beslenýän häzirki döwründe innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak esasy ugur bolup durýar. Şonuň üçin hem innowasion tehnologiýalar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny has-da şöhratlandyrdy. Şonuň üçin hem her bir ulgamyň uly üstünliklere beslenmegi, täze ösüşlere eýe bolmagy biziň her birimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan nurlanýan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryndan rowaçlanýan belent maksatlar Türkmenistan ýurdumyzy has-da beýik ösüşlere eýe edýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, ykdysadyýetimizi has-da pugtalandyrmak, ony döwrebap ýagdaýa getirmek we lukmançylyk ulgamyny ösdürmek boýunça beýik işler alnyp barylýar.
Eziz Diýarymyzyň batly gadamlary, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşleri saýlanyp alnan ugruň ösüşli ýoldugyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli döwlet maksatnamalary halkymyzyň bagtyýar durmuşda, bolelinlikde ýaşamagyna, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň, önümçiliginiň çalt we durnukly ösmegine amatly şertleri döredýär» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşy uly üstünliklere beslenýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär.
Halkymyzy eşretli durmuşa sary alyp barýan, Watanymyzy rowaçlygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
TSTP