Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ HALKYMYZYŇ ABADAN ÝAŞAÝŞYNA GÖNÜKDIRÝÄN BEÝIK IŞLERI ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

Şu gün Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň  Milli merkeziniň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň abadan ýaşaýşyna gönükdirýän beýik işleri rowaçlyklara beslenýär» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň abadan ýaşaýşyna gönükdirýän bagtyýar durmuşy ugrunda edilýän tagallalar, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahatyň dowamynda çykyş edenler   halkymyz baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülenligi  we halkymyz hakdaky aladalardan gözbaş alýanlygy hakynda giňişleýin belläp geçdiler. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hakymyzyň abadan ýaşaýşyna gönükdirýän beýik işleri rowaçlyklara beslenmegini we ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP