Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • YKDYSADYÝETIŇ ÖSÜŞINDE TELEKEÇILIGIŇ ORNY

    Golaýda T...

  • TÜRKMEN BITARAPLYGY: PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLILIK, DOST-DOGANLYK

    Şu gün...

  • BITARAPLYK - BEÝIK BAŞLANGYÇLARA BADALGA

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

    Şu gan...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

    Türkmenistanyň...

GARAŞSYZLYK-BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ ŞAN-ŞÖHRATY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde gurnamagynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda gazanylan üstünliklerimizi giňden ýaýbaňlandyrmak maksady bilen «Garaşsyzlyk-Berkarar döwletimiziň şan-şöhraty» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Garaşsyzlyk bize özbaşdak ösüş ýoluny — milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň başga hiç bir ýerde gaýtalanmaýan türkmen nusgasyny saýlap almaga mümkinçilik berdi. Muňa soňky 33 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň gazanan ösüşleri aýdyň şaýatlyk edýär. Şu jähetden, garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiz ösüşiň dünýä ýurtlary üçin nusga alarlyk giň tejribesini toplady diýip bolar. Eziz Diýarymyzyň halkara gatnaşyklaryndaky hyzmatdaşlygynyň gerimi iňňän giň. Goňşy halklaryny dogan, dünýä ýurtlaryny özüne dost hasaplaýan döwletimiz halkara diplomatik gatnaşyklary kämilleşdirmegi, dabaralandyrmagy baş maksat edip goýýar. 

Häzirki günlerde ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýakynda şeýle çäreleriň biri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti we Köpetdag etrap häkimligi bilelikde guramagynda geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresine kümüş saçly eneler, ýaşulular, hususy ulgamyň wekilleriniň hem-de kalplary buýsançdan doly ýaşlar gatnaşdylar.

Baýramçylyk çäresinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp ýaşlary, mahmal owazly aýdymçylarynyň ýerine ýetiren Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzy, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän aýdymlary, tanslary, sazandalaryň şirinden-şirin sazlary, baýramçylyk çykyşlary dabaranyň şowhunyny has hem artdyrdy. Baýramçylyk dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkymyzy parahat we asuda durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.

TSTP