Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BELENT RUHY ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATLYLYGY – WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BINÝADY

    2026-njy...

  • TÜRKMENISTAN – ABADANÇYLYGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MERKEZI

       ...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR WATANYM

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk toýun toýlaýar Watanym» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.

         Dabaraly çärede welaýatymyzyň medeniýet müdirliginiň aýdym saz topary parahat Watanymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Çärede Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň işgärleri gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. 

            Baýramçylyk çäresine gatnaşan partiýa agzalary we ýaş telekeçiler ýurdumyzda zähmet çekmeklige we parahat dynç almaklyga şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Olaryň janlarynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP