Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • YKDYSADYÝETIŇ ÖSÜŞINDE TELEKEÇILIGIŇ ORNY

    Golaýda T...

  • TÜRKMEN BITARAPLYGY: PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLILIK, DOST-DOGANLYK

    Şu gün...

  • BITARAPLYK - BEÝIK BAŞLANGYÇLARA BADALGA

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

    Şu gan...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

    Türkmenistanyň...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-HALKYMYZYŇ JEBISLIGINIŇ SYNMAZ GÜÝJIDIR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň we Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky hünär ýokarlandyryş merkezi bilen bilelikde gurnamagynda maslahat geçirildi.

         Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň  nobatdaky mejlisine bagyşlanan wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli guraýar. Çärelerde çykyşlara giň orun berlip, olarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata-babalarymyzdan miras bolup gelýän asylly ýörelgeleriň rowaçlyga beslenýändigi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görülýändigi nygtalýar. Halkymyzda eşretli eýýamy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edilýär.

TSTP