Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanmasy» atly maslahaty geçirildi.
Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde gözel paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky bu taryhy waka häzirden ykjam taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýetilen sepgitleri, öňde duran wezipeleri halkyň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmak we oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek häzirki döwürde asylly däbe öwrüldi.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty 2023-nji ýylda döredilip, ol halkyň bähbitlerini araýan ýokary wekilçilikli edaradyr. Halk Maslahatynyň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde telekeçilik işini pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Bular boýunça öňde durýan möhüm meseleleri maslahatlaşyp, olary üstünlikli çözmekde, wezipeleri anyk kesgitlemekde Halk Maslahatynyň aýratyn uly ähmiýeti bar.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm waka bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, daşary syýasy abraýyny pugtalandyrmakda, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda geljekki tutumly işlere badalga bolar.
Il-halkyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan beýik tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
TSTP