Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Arzuwlan ajap eýýamynda-Akyldar Magtymguly Pyragy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda giň özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, täze ösüşlere badalga berilýär. Çärede çykyş edenler Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň diňe kitaplara däl-de, eýsem, köňüllere dolan şahyrdygy we onuň sözleri her bir adam üçin gymmatly gollanma bolup durýandygy, çünki onuň setirleriniň sahawatlylyk, halallyk, päklik, mertlik, pähim-parasatlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemäge gönükdirilendigi, şahyryň goşgularynyň her biri ýaş nesillerimizde edep-terbiýäniň ýokarlanmagyna ýardam edýänligi barada täsirli gürrüň berdiler.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýetilen sepgitleri, öňde duran wezipeleri halkyň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmak we oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek häzirki döwürde asylly däbe öwrüldi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmek, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmek, jemgyýetde telekeçilik işini pugtalandyrmak hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek boýunça öňde durýan möhüm meseleleri üstünlikli çözmekde, wezipeleri anyk kesgitlemekde Halk Maslahatynyň aýratyn uly ähmiýeti bar.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm waka bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, daşary syýasy abraýyny pugtalandyrmakda, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda geljekki tutumly işlere badalga bolar. Bu ýere gatnaşan şahyryň okan goşgulary, ýerine ýetirlen türkmen milli aýdym-sazlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Çärä gatnaşanlar, il-halkyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan beýik tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP