Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNA BARÝARYS

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komiteti tarapyndan «Demir ölçeg» hususy kärhanasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatyna barýarys» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk bähbitli birnäçe beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler, belent maksatly tutumlar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň uly orny bardyr. Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgesi bilen doly sazlaşýar.

Mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda-24-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul ediljek taryhy çözgütler ajaýyp zamanamyzda ýokary depginde amala aşyrylýan beýik işleriň mynasyp dowamy boljak uly tutumlaryň täze tapgyrynyň özboluşly badalgasyna öwrüler. Halk Maslahaty halkymyzyň erk-isleginiň aýdyň beýanydyr. Ol Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan beýik işleriň we hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň uly goldawa eýe bolýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezer. 

Biz hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň agzybir işgärleri Türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, halkymyzyň abadançylygyny, döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljak bu döwletli maslahata taýýarlyk görmek boýunça telekeçileriň, hususyýetçileriň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat çärelerini geçirýär.

Goý, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, Watanymyzyň barha gülläp ösmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolup, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri has-da rowaç alsyn!

TSTP