Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY–BELENT MAKSATLARYŇ GÖZBAŞY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Saýat etrabynyň Sakar şäherçesiniň Medeniýet öýünde «Türkmenistanyň Halk maslahaty – belent maksatlaryň gözbaşy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry bi­len hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da döw­le­ti­mi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sat ugur­la­ryn­da ägirt uly ösüş­ler, öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Ýur­du­myz­da halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň — mil­li de­mok­ra­ti­ýa­nyň aý­dyň ýüze çyk­ma­sy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň dö­re­dil­me­gi jem­gy­ýe­ti­mi­ziň je­bis­li­gi­niň, döw­let ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň bar­ha ber­ke­ýän­di­gi­niň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, jemgyýetçilik pikirini nazara almak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň ýörelgeleridir. 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň çuňňur oýlanyşykly başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi örän netijeli çözgüt boldy. Çünki agzybir halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän bu ýokary edara ýurdumyzy ösdürmekde öňde durýan möhüm wezipeleriň oňyn çözgütlere eýe bolmagynda halkyň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmäge şert döretdi. Halkymyzyň milli ýörelgeleriniň birine öwrülen geňeş etmek däbiniň täze taryhy eýýamda döwlet derejesinde belentden dabaralanýandygyny alamatlandyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň bähbidine amala aşyrylýan beýik işleriň dowamata atarylýandygyny alamatlandyrýar. Halkymyzyň «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýen pähimi esasynda, halk bilen başlanan belent maksatly tutumlar ata Watanymyzy şan-şöhrata, beýik ösüşlere besleýär. Bu bolsa ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimiz esasynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň nobatdaky beýanydyr. 

Milli demokratiýanyň dabaralanýan döwründe hususyýetçileriň mähriban Watanymyza, türkmen halkynyň Milli Liderine, Arkadagly Gahryman Serdarymyza söýgi-buýsanjy çäksizdir.

TSTP