Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

MILLILIK NEPISLIK BILEN SAZLAŞANDA

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, «Lebap» söwda merkezinde ýerleşýän Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzasy, telekeçi Hurma Döwranowa degişli bolan «Maýsa ýakalar» dükanynda, partiýanyň agzalarynyň we ýaşlaryň gatnaşmagynda «Millilik nepislik bilen sazlaşanda» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýaşlarda watançylyk duýgularyny ösdürmek, milli 
däp-dessurlarymyzy, ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerine söýgi döretmek, maşgala mukaddesligini, edep terbiýe kadalaryny we Ogulabat käbämiziň amaly-haşam sungatyny wagyz-nesihat etmek maksady bilen keşdeçilik sungaty, türkmen milliligi barada gürrüňler edildi. 

Duşuşygyň ahyrynda halkymyza, ýaş gelin gyzlara milliligimizi öwrenmeklige, wagyz etmeklikde döredip beren ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP