Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

BEÝIK PYRAGYNYŇ KÖŇÜL ISLÄNI-SYNLAŇ BAGT BOÝLAÝAN TÜRKMENISTANY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Beýik Pyragynyň köňül isläni – synlaň bagt boýlaýan Türkmenistany» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Berkarar döwletiň ösüşli ýolunda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzy ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýar. Şahy il-ulsuny  jany-teni bilen söýüp, bu duýgusyny şygyrlaryna siňdiren söz ussa­dydyr.  Halkyňa, ýurduňa bolan söýgi oňa goýýan gadyr-gymmatyňa baglydyr. Islendik meseläniň çözgüdi bolsa durmuş nukdaýnazaryndan seredilmelidir. Il-günüň bähbidini öňe sürmek hakyky adamkärçiligiň beýik nusgasydyr. Bu bolsa oňa bolan yhlasyň, söýgiň bilen baglydyr.  Halkyň ýaşaýyş-durmuşyndan söhbet açýan täsirli jümleler milletiň eserine öwrülip, ýüreklerde baky ýaşaýar. Magtymgulynyň edebi mirasy dury akabaly, tämiz gözbaşly çeşmedir.

Söz ummanynda dürler saçyp, dürlerden akyl-paýhas ummanyny döreden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmeniň ruhy daýanjy bolup hyzmat edýär. Özüniň parasatly setirleri bilen halkynyň azat, erkin, eşretli durmuşda ýaşamagyny öwüt-ündew eden beýik akyldaryň ismi hemişe ýürekleriň töründe baky orun alandyr. Magtymguly atamyzyň adamzat kowmuna miras goýan edebi älemi asyrlaryň dowamynda dünýä medeni mirasyny öwrenijileriň, alymlaryň, şahyrlaryň, filosoflaryň ünsüni özüne çekip gelipdir.

Goý, halkymyzy beýik akyldarlarymyzyň arzuw eden zamanynda agzybirlikde, asudalykda, jebislikde, bolelin durmuşda erkana ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsyn, ömürleri uzak bolsyn, tutumly işleri rowaç alsyn!

TSTP