Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – DÖWLET GARAŞSYZLYGYMYZYŇ, ÖSÜŞLI ÝOLLARYMYZYŇ, ŞÖHRATLY ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ BINÝADY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Gyzylarbat etrabynyň Janahyr obasynyň medeniýet öýünde “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – döwlet Garaşsyzlygymyzyň, ösüşli ýollarymyzyň, şöhratly üstünliklerimiziň binýady” atly düşündiriş ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Biziň halkymyz nijeme müňýyllyklaryň dowamynda dörän taryhy döwletiň, paýhas eleginden geçip, kämillik mekdebini döreden gadymy nusgalyk halkyň mirasdüşerleri. Şol milli ýol-ýörelgäni, türkmençilige mahsus häsiýetleri döwlet syýasatynda esasy binýatlyga öwürmegi başaran Türkmen Halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, milliligi diňe döwletiň özenine däl, biziň aňymyza-ruhumyza siňdirýär. Biziň döwlet dolanşygymyzyň, döwlet gurluşymyzyň beýleki döwletlerden tapawutlylykda, milli ýörelgelere esaslanýandygy, ýagny döwletde, döwletiň syýasatynda halka we onuň bähbitlerine aýratyn orun berilýändigi baradaky hakykata ünsi çekesim gelýär. Munuň özi, belent derejelere ýetmegiň esasy guraly bolan agzybirlik düşünjesi bilen berk baglanyşyklydyr. 

Raýatlaryň kanuny-hukuk ýagdaýlaryny goramak, ýaşaýyş derejelerini gowulandyrmak, bähbitleri bir maksada öwürmek, syýasy-ykdysady ösüşi gazanmakda raýatlary watansöýüjilik ruhunda päk zähmet çekmäge çagyrmak ýaly işlerde Türkmen Halkynyň Milli Lider Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriniň agzalarynyň agzybirlikli zähmetlerine uly ynam bildirýär, ýokary baha berýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli tutumlarynda, ilki bilen, adamyň bähbidi, onuň durmuş taýdan goraglylygy hem-de döwletiň ykdysady ösüşi, jemgyýetiň howpsuzlygy möhüm orun alýar. Şeýle durmuş zerurlyklary biziň kämil Kanunymyzda hem öz beýanyny tapýar. Beýik Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlandyrmakda, döwleti berkarar etmekde, halky bagtyýar durmuşda ýaşatmakda belent wezipeleri durmuşa geçirýän, halk bilen döwleti goşa mukaddeslige deňäp, şol mukaddeslikleriň hatyrasyna paýhasly döwlet syýasatyny amala aşyrýan   Türkmen Halkynyň Milli Lider Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

TSTP