Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BELENT RUHY ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATLYLYGY – WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BINÝADY

    2026-njy...

  • TÜRKMENISTAN – ABADANÇYLYGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MERKEZI

       ...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

Nepislige ýugrulan millilik

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, “Lebap” söwda merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzasy, hususy telekeçi Gülälek Umarowa degişli bolan “Türkmen haly” hususy haly dükanynda, partiýanyň agzalarynyň we ýaşlaryň gatnaşmagynda “Nepislige ýugrulan millilik” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen halysynyň dürli görnüşleri, haly dokamak sungaty, türkmen halysynyň ýer ýüzündäki at-abraýy barada buýsançly gürrüňler edildi. Ýaşlara dükanda ornaşdyrylan haly stanogyň işledilişi we onuň inçe syrlary barada maslahatlar berildi.  

Duşuşygyň ahyrynda halkymyza, ýaş gelin gyzlara milliligimizi öwrenmeklige, wagyz etmeklikde döredip beren ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP